Kino ýyldyzlary Burak Özçiwit, Eduard Montu Türkmenistanda film festiwalyna gatnaşarlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Kino ýyldyzlary Burak Özçiwit, Eduard Montu Türkmenistanda film festiwalyna gatnaşarlar
"Döreýiş: Osman" teleserialyndan bir epizod. Ortada Osman Gazynyň keşbinde Burak Özçiwit.

Şu hepde “Arkadagyň säheri” atly film festiwalyna gatnaşmak üçin kino ýyldyzlary Burak Özçiwit we Eduard Montut Türkmenistana gelerler. Bu film festiwalyna Merkezi Aziýa ýurtlaryndan hem meşhur aktýorlar we režissýorlar gatnaşarlar. Bu barada Türkmenistan habarlar portaly sişenbe güni habar berdi.

Türkiýeli kino ýyldyzy Burak Özçiwit esasan “Gara Söýgi” we “ Ajaýyp ýüz ýyl” teleseriallarynda janlandyran keşpleri bilen tanaldy. Häzirki wagtda Burak Özçiwit “Döreýiş: Osman” teleserialynda Osmanly döwletiniň esaslandyryjysy Osman Gazynyň keşbini ýerine ýetirýär. 

IMDb saýtynyň berýän maglumatlaryna görä, Burak Özçiwit 1984-njy ýylyň 24-nji dekabrynda doglan. Ol 2017-nji ýylda türk kino ýyldyzy Fahriýe Ewjen bilen durmuş gurdy. Olaryň Karan we Kerem atly iki ogullary bar. 

''Taksi'' filmleriniň kömekçi gahrymany, fransuz kino ýyldyzy Eduard Montut 1970-nji ýylyň 20-nji dekabrynda fransuz Guaýanasynda dünýä inýär. Seýle hem, ol ''Femme Fatale'' (2002), ''Ma Dame au Camélia'' (2019) kinofimlerindäki keşpleri bilen tanalýar.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň gatnaşmagynda “Arkadagyň säheri” atly film festiwaly 14-15-nji oktýabrda geçiriler. Festiwala hödürlenen filmleriň görkezilişi Arkadag we Aşgabat şäherleriniň kinoteatrlarynda bolar. Festiwala beýleki ýurtlardan hem kino sungatynyň tanymal wekilleri emin agzasy we hormatly myhman hökmünde çagyryldy.

2022