Türkmenistanyň Prezidenti “Arkadag” medaly bilen sylaglanyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti “Arkadag” medaly bilen sylaglanyldy
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa “Arkadag” medalyny gowşurýar

Türkmenistanyň Prezidentiniň “Oguz han” köşkler toplumynda sişenbe güni Türkmenistanyň Döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedowy “Arkadag” medaly bilen sylaglamak dabarasy geçirildi.

Dabara Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu ýokary sylaga ýurtda halkyň kanuny bähbitlerini goramak we üpjün etmek boýunça hukuk kepilliklerini döretmekde, aýratyn hemaýata we goldawa mätäç çagalary durmuşa uýgunlaşdyrmaga hem-de taýýarlamaga gönükdirilen guramaçylyk, kanunçylyk-hukuk, ykdysady çäreleriň toplumyny durmuşa geçirmekde, türkmen halkynyň ata-babalarynyň asylly ýörelgelerini özünde jemleýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işine yzygiderli goldaw bermekde, Türkmenistanda ynsanperwerlik, adalatlylyk, sahawatlylyk ýörelgelerini durmuşa geçirmek bilen, haýyr-sahawat işini ösdürmekde bitiren aýratyn görnükli hyzmatlary üçin mynasyp boldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Söwda-senagat edarasynyň binasynda guralan halkara forumyň çäklerinde birnäçe türkmen raýatlary, şeýle hem Germaniýanyň Mýunhen şäheriniň Dritter Orden hassahanasynyň çaga we neýroortopediýa bölüminiň müdiri doktor Frimberger Winsent we “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk “Arkadag” medaly bilen sylaglandy.

Şeýle hem sylaga mynasyp bolanlara medalyň ýany bilen onuň şahadatnamasy, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň adyndan, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň nyşany ýerleşdirilen ýörite sowgat dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

2022