Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň daşary işler ministrini kabul etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň daşary işler ministrini kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkiýäniň daşary işler ministri Hakan Fidanyň arasynda geçirilen duşuşyk, 2023-nji ýylyň 11-nji oktýabry, Aşgabat

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni Aşgabatda Türkiýäniň daşary işler ministri Hakan Fidany kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Türkiýäniň daşary işler ministri Türkmenistanyň Döwlet Baştutanyna hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň iberen mähirli salamyny, türkmen halkyna abadançylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti türk kärdeşine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi we Türkiýäniň DIM-niň ýolbaşçysynyň şu gezekki saparyň çäklerinde meýilleşdirilen gepleşikleriň, duşuşyklaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Habarda bellenilişi ýaly, duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Döwlet Baştutany ýakynda Türkiýä boljak resmi saparynyň türkmen-türk dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmekde täze sahypany açjakdygyna ynam bildirdi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow iki ýurduň hem ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda işjeň hyzmatdaşlyk edýändiklerini belläp, ýangyç-energetika toplumynda, ulag-aragatnaşyk pudaklarynda netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Türkiýäniň daşary işler ministri Hakan Fidan däp bolan döwletara hyzmatdaşlygyň özara bähbitlilik esasynda mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow çarşenbe güni Aşgabatda Türkiýäniň daşary işler ministri Hakan Fidan bilen duşuşdy. Duşuşygyň netijeleri boýunça iki ýurduň ministrleri Türkmenistanyň we Türkiýäniň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky 2024-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekdiler.

2022