Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow çarşenbe güni Aşgabatda Türkiýäniň daşary işler ministri Hakan Fidan bilen duşuşdy.
Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkiýä boljak saparyna görülýän taýýarlygy ara alyp maslahatlaşdylar.
Mundan başga-da, duşuşykda söwda, energiýa, ulag, gurluşyk hyzmatlary, parlamentara hyzmatdaşlyk, bilim, medeniýet we konsullyk bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň ahyrynda iki ýurduň ministrleri Türkmenistanyň we Türkiýäniň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky 2024-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekdiler.
Şeýle hem Türkiýäniň daşary işler ministri şol gün Aşgabatda ýerleşýän Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül goýdy.