Gazagystanyň Aktau şäherinde 2023-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda “ТMTM 2023: sanlylaşdyrma döwründe innowasiýa we ösüş” atly işewürlik forumy geçirildi. Onuň dowamynda “Alport” (Azerbaýjan), “BMF Port Burgas” (Bolgariýa), “Semurg Invest” (Gazagystan), “LTG Cargo” (Litwa), “Global DTC Pte.Ltd” (Singapur) we “Eastcomtrans LLP” (Gazagystan) kompaniýalary “Transhazar halkara ulag geçelgesi” halkara assosiasiýanyň düzümine agza hökmünde kabul edildi.
“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň resmi metbugatynyň şenbe güni habar bermegine görä, forum Transhazar halkara ulag geçelgesi sebitinde (TMTM) tiz ösýän we üýtgeýän ýagdaýa bagyşlanyp geçirildi.
Habarda bellenilişi ýaly, assosiasiýanyň agzalary 11 sany ýurtdan bolup, olar 25 sany kompaniýa çenli artdyryldy.
Duşuşygyň dowamynda foruma gatnaşyjylar TMTM ugry boýunça ýük daşamalarynyň artandygyny belläp, TMTM ugry boýunça konteýner otlylaryndan ýük daşamaklygy gurnamakda bilelikdäki hereketler we jogapkärçilik barada çäreler babatynda Ylalaşyga we Hazar deňziniň portlarynyň arasynda (Aktau – Baku (Alýat)) halkara demir-deňiz ýollaryndan fider gämileriniň gatnaşmagynda konteýner daşamalary gurnamak baradaky Ylalaşyga gol çekdiler.
Şeýle hem foruma gatnaşyjylar TMTM ugry boýunça iri infrastruktura taslamalaryny, ulag we logistika bazarynyň yzygiderli üýtgeýän şertlerinde öz wagtynda çäreleri görmek üçin strategiki kararlary we innowasion çemeleşmeleri ara alyp maslahatlaşdylar.