Türkmenistanyň Prezidenti raýatlaryň pasportlaryny resmileşdirmegiň we bermegiň tertibini tassyklady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti raýatlaryň pasportlaryny resmileşdirmegiň we bermegiň tertibini tassyklady
Türkmenistanyň raýatlary öz pasportlary bilen

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurduň raýatynyň pasportyny bermegiň tertibini, ondan peýdalanmagyň kadalaryny, nusgasyny we ýazgysyny tassyklamak hakynda Karara gol çekdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň anna güni habar bermegine görä, degişli resminama “Migrasiýa hakynda” we “Türkmenistanyň içeri işler edaralary hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna hem-de “Türkmenistanda pasport ulgamynyň işini kämilleşdirmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda çykaran 720-nji Permanyna laýyklykda kabul edildi. 

Resminama laýyklykda, ozal berlen köne nusgadaky Türkmenistanyň raýatynyň pasporty, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ony çalşyrmak üçin esas bolmadyk ýagdaýynda, Türkmenistanyň raýatynyň pasportynyň täze nusgasyna çalşyrylmaga degişli däldir.

Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine, Adalat ministrligi bilen bilelikde şu Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.
 

2022