Ziroat Mirziýoýewa Ogulgerek Berdimuhamedowany Daşkentde geçiriljek halkara foruma gatnaşmaga çagyrdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ziroat Mirziýoýewa Ogulgerek Berdimuhamedowany Daşkentde geçiriljek halkara foruma gatnaşmaga çagyrdy
Ogulgerek Berdimuhamedowa (ortada) Hytaýyň Milli sungat we senetçilik muzeýinde, 2023-nji ýylyň 17-nji oktýabry, Pekin, Hytaý

Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň maşgalasy Ziroat Mirziýoýewa Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň maşgalasy, hanym Ogulgerek Berdimuhamedowany 9-njy noýabrda Daşkent şäherinde geçiriljek ''Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi ugrunda çagalaryň we ýaşlaryň hereketi'' atly halkara foruma gatnaşmaga çagyrdy. Bu barada Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri anna güni habar berdi. 

Çagalary goramagyň bütindünýä gününe bagyşlanýan bu forum ''Zamin'' halkara jemgyýetçilik gaznasy we BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) tarapyndan bilelikde guralýar.  

Bu çäre ekologik meseleleri çözmekde çagalaryň we ýaşlaryň gatnaşmagyny artdyrmakda öňdebaryjy pikirleri hem-de tejribeleri alyşmaga, daşky gurşawa aýawly çemeleşmek boýunça milli, sebit we ählumumy tagallalary birleşdirmäge gönükdirilendir.

Pursatdan peýdalanyp, Ziroat Mirziýoýewa Ogulgerek Berdimuhamedowa we ähli maşgala agzalaryna berk jan saglyk, abadançylyk, uly üstünlikleri arzuw etdi.

2022