USAID-iň dolandyryjysy Samanta Pauer Merkezi Aziýa C5+1 duşuşygyna gatnaşýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
USAID-iň dolandyryjysy Samanta Pauer Merkezi Aziýa C5+1 duşuşygyna gatnaşýar
ABŞ-nyň Halkara ösüş agentliginiň dolandyryjysy Samanta Pauer (Surat: Win McNamee)

ABŞ-nyň Halkara ösüş agentliginiň (USAID) dolandyryjysy Samanta Pauer sebit gatnaşyklaryna bagyşlanyp, ministrler derejesinde geçiriljek “C5+1” görnüşindäki birinji maslahata gatnaşmak üçin 23-24-nji oktýabrda Özbegistanda saparda bolar.

Agentligiň metbugat gullugynyň şenbe güni habar bermegine görä, maslahatyň çäklerinde Samanta Pauer ABŞ-nyň Hökümetiniň Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlarynyň garaşssyzlygyny, özbaşdaklygyny we gülläp ösmegini yzygiderli goldaýandygyny ýene bir gezek tassyklar.

Bellenişi ýaly, sebitiň ösüşi boýunça ministrler derejesinde geçiriljek bu duşuşyk şeýle formatdaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam eder. Sebit ýurtlarynyň 5-siniň ministrlerini bir ýere jemlejek bu maslahatda Merkezi Aziýada inklýuziw, durnukly ösüşi goldamak boýunça takyk wezipeler kabul ediler. Şunda sebit gatnaşyklarynyň arabaglanyşygyna, söwdanyň, ykdysadyýetiň we telekçiligiň ösdürilmegine, daşky gurşawy goramak, energetika çözgütlerine hem-de ýaşlar üçin täze mümkinçilikleri döretmek ugurlaryna möhüm orun berilýär.

“C5+1” görnüşdäki dialogyň çäklerinde birinji ministrler maslahaty Merkezi Aziýada özara arabaglanyşygy pugtalandyrmakdaky meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga gönükdirilip, ol sebitiň inklýuziw we durnukly ösmegi babatda anyk hereketleri kesgitlemäge şert döreder.

2015-nji ýylda döredilen “С5+1” görnüşindäki dialog Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we ABŞ-nyň arasynda köptaraply hyzmatdaşlyk üçin netijeli gurala öwrüldi. Bu görnüşli dialogda ykdysady ösüş, sebit hyzmatdaşlygy we howpsuzlygy esasy üns merkezindäki ugurlardyr.

2022