Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýä ilkinji resmi sapary başlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýä ilkinji resmi sapary başlady
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň "Esenboğa" Halkara howa menizilinde Türkiýäniň resmileri tarapyndan garşy alynýan pursady, Ankara, Türkiýe

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň çarşenbe güni Türkiýe Respublikasyna ilkinji resmi sapary başlady. Iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Ankaranyň "Esenboga" Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň döwlet Baştutanyny Türkiýäniň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar we beýleki resmi adamlar garşyladylar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkiýäniň energetika we tebigy serişdeler ministriniň arasynda bolan söhbetdeşlikde iki doganlyk ýurduň arasynda dürli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýän hyzmatdaşlygyň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygy kanagatlanma bilen bellenildi.

Şeýle hem Türkiýäniň energetika we tebigy serişdeler ministri döwlet Baştutanynyň amala aşyrýan bu gezekki saparynyň Türkmenistan  bilen Türkiýäniň dost-doganlyk, özara hormat goýmak, deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmekde täze möhüm ädim boljakdygyny belledi.

Dabaraly garşy almak çäresinden soň, Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň awtoulagy howa menzilinden resmi sapar mahalynda öz üçin niýetlenen döwlet kabulhanasyna ugrady.

Türkmenistanyň Prezideni Serdar Berdimuhamedow we Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan 26-njy oktýbrda geçirjek ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşiklerde türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň giň ugurlaryny mundan beýläk-de ösdürmek meselelerini maslahatlaşarlar.

Şu gezekki saparyň çäklerinde 26-njy oktýabrda guraljak Türkmenistan-Türkiýe işewürler forumy özara bähbitli döwletara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilendir. Forumyň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem gatnaşmagyna garaşylýar.

2022