Astanada Türki Döwletleriň Guramasynyň X ýubileý sammiti geçiriler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Astanada Türki Döwletleriň Guramasynyň X ýubileý sammiti geçiriler
Türki Döwletleriň Guramasynyň adatdan daşary sammiti, 2023-nji ýylyň 16-njy marty, Ankara, Türkiýe (Surat: AA)

Gazagystan respublikasynyň paýtagty Astana şäherinde 3-nji noýabrda Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) X ýubileý sammiti geçiriler. Bu barada Gazagystanyň daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy penşenbe güni habar berdi. 

Sammite Türki Döwletleriň Guramasyna agza ýurtlaryň – Azerbaýjan, Gyrgyz respublikasy, Türkiýe we Özbegistan, şeýle-de synçy ýurtlary – Tükmenistan we Wengriýa döwletleriniň ýolbaşçylary gatnaşarlar.

Çäräniň esasy maksady türk dilli ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak, umumy taryhy we medeni mirasa we umumy dile esaslanýan sebitdäki parahatçylyga hem-de durnuklylyga goşant goşmakdan ybaratdyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň paýtagty Ankarada geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň adatdan daşary sammitiniň dowamynda Türkmenistanyň ýakyn wagtda TDG-nyň doly hukukly agzasy boljakdygyna umyt bildirdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022