Guwlymaýak şäherçesinde täze ýaşaýyş toplumy gurlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Guwlymaýak şäherçesinde täze ýaşaýyş toplumy gurlar
Bereket etrabynyň “Gulmaç” geňeşliginiň çäginde gurlan täze, döwrebap “Galkynyş” şäherçesiniň açylyş dabarasy, 2022-nji ýylyň 9-njy dekabry, Balkan welaýaty, Türkmenistan

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesinde Gyýanly ýaşaýyş toplumy gurlar. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň energetika, gurluşyk we senagat toplumlaryna gözegçilik edýän orunbasary Baýmyrat Annamämmedow toplumyň gurluşyk işine başlamaga görülýän taýýarlyk işleri Prezident Serdar Berdimuhamedowa şenbe güni  geçirilen Hökümet mejlisinde hasabat berdi. 

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, täze Gyýanly ýaşaýyş toplumynda jemi 472 maşgala niýetlenen 4 gatly ýaşaýyş jaýlary, 320 orunlyk umumybilim berýän orta mekdep, 120 orunlyk çagalar bagy we söwda-dynç alyş merkezi gurlar. Bu taslama döwlet Baştutanynyň gol çeken degişli Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen durmuşa geçiriler. 

Şeýle hem, mejlisiň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň çäginde täze, döwrebap elektrik stansiýasyny gurmak hakynda Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

Hökümet mejlisinde Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň başga-da birnäçe möhüm meselelerine, şeýle hem resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022