Türkmen zenan telekeçisi guşçulyk fermasynda düýeguşlaryň sanyny 2000-den geçirdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen zenan telekeçisi guşçulyk fermasynda düýeguşlaryň sanyny 2000-den geçirdi
Telekeçi Maýsa Welmyradowanyň guşçulyk fermasynda ýetişdirilýän düýeguşlar, Ahal welaýaty, Türkmenistan

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, telekeçi Maýsa Welmyradowa öz fermasyndaky 600 baş enelik guşlardan alýan tohumlyk ýumurtgalaryny inkubatora goýup, çykarýan jüýjeleriniň hasabyna düýeguşlarynyň baş sanyny 2 000-den gowraga ýetirdi. Bu barada Rysgal gazeti duşenbe güni habar berdi.

Birleşmäniň agzasy telekeçi Maýsa Welmyradowa ýurdumyzda ilkinjileriň biri bolup Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýän guşçulyk fermasyna 2022-nji ýylda Türkiýe döwletinden 600 baş enelik düýeguşlary getirdi hem-de olary ösdürip ýetişdirmegi we köpeltmegi ýola goýdy. 

Habarda bellenilşi ýaly, düýeguşlar iýmiti az talap edýär, esasan, ýerli ot-iýmler bilen oňňut edýär, çalt ösmek we tiz köpelmek häsiýetleri bilen tapawutlanýarlar. Düýeguşlar 2 - 4 ýaşlarynda köpelmäge ukyply bolup, ýylda 80 - 90 sany ýumurtga berýär, olaryň hersiniň agramy 1500-den 2000 grama çenli (bu, takmynan, 25 - 36 sany towuk ýumurtgasy bolýar) ýetýär.

Düýeguşyň ýumurtgasynyň düzümi adam bedeni üçin peýdaly natriýa, selene, A we E witaminlere baýdyr, gymmatly aminoturşylaryň mukdary boýunça towuk ýumurtgasyna garanda görnetin tapawutlydyr, holesterin örän az möçberde saklanýar. 

Düýeguşuň iýmitlendiriş rasionyna iýmlik bugdaý, mekgejöwen, soýa, arpa, dary ýaly däneler, ýorunja uny, premiksler, ösümlik ýagy goşulýar. Inkubatora goýlan her 100 sany tohumlyk ýumurtgadan 42-43 günden soň, 65 - 70 jüýje çykýar.

Düýeguşlar jüýjelikden ete soýmak üçin ýetişýänçä 9-10 aýa golaý bakylýar, şol döwürde her başa 600 kilogram iým harç edilýär, bir gije-gündizde ortaça 300 gram töweregi ösüş alynýar, diri agramy 85 -  90 kilograma ýetýär.

2022