Türkmen kompaniýalary “Tourism Expo Osaka 2023” sergisine gatnaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen kompaniýalary “Tourism Expo Osaka 2023” sergisine gatnaşdylar
Türkmenistanyň syýahatçylyk kärhanalarynyň “Tourism Expo Osaka 2023” sergisindäki diwarlyklary, 2023-nji ýylyň 28-29-njy oktýabry, Osaka, Ýaponiýa (Surat: Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasy)

Türkmenistanyň syýahatçylyk kärhanalary 26 -29-njy oktýabrda Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçirilen “Tourism Expo Osaka 2023” sergisine gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berdi.

Serginiň çäklerinde ýurduň “Aşgabat syýahat”, “Aziýanyň merjeni”, “Aýan”, “Dag syýahat”, “Durdynyýaz” we “Halkara syýahat” ýaly syýahatçylyk kompaniýalary özleriniň hyzmatlary we mümkinçilikleri bilen bu ýere gelenleri tanyşdyrdylar. Şeýle hem, sergide milli syýahatçylygy, syýahatçylyk ugurlaryny ösdürmekde we bu babatda hyzmatlary hödürlemekde Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri görkezildi. Daşary ýurtlaryň syýahatçylyk kärhanalary we sergä gatnaşyjylar türkmen halkynyň milli baýramlary hem-de däp-dessurlary bilen tanyş boldular.

Sergä gatnaşan Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi Atadurdy Baýramow syýahatçylyk pudagynyň ösdürilmeginiň ýurduň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi.

Şu ýylyň 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi Atadurdy Baýramow Osaka prefekturasynyň gubernatory Hirofumi Ýosimura bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda 2025-nji ýylda Osaka şäherinde geçiriljek “EKSPO-2025” Bütindünýä sergisine Türkmenistanyň milli pawilýonynyň gatnaşmagy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem taraplar üçin amatly wagtda Osaka prefekturasynyň gubernatorynyň Türkmenistana saparyny guramaga türkmen tarapynyň taýýardygy bellenildi.

“Tourism Expo Osaka” atly halkara syýahatçylyk sergisi Halkara hyzmatdaşlyk boýunça ýapon agentligi tarapyndan her ýyl guralýar.

2022