Eýranyň ýol we şäher ösüşi ministri Mehrdad Bazrpaş Bişkek şäherinde geçen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň 22-nji mejlisiniň çäklerinde penşenbe güni Gyrgyzystanyň ulag we kommunikasiýalar ministri bilen duşuşdy. Onuň çäklerinde taraplar Özbegistanyň we Türkmenistanyň üsti bilen Gyrgyzystandan Eýrana demir ýol geçelgesini işe girizmek boýunça gepleşik geçirdiler. Bu barada "Iran Press" agentligi habar berdi.
Bazrpaş ŞHG-a agza ýurtlary birleşdirýän täze demir ýol gurluşygynda, multimodal ýük daşamalary we döwrebap logistika merkezleri ösdürmekde işjeň hyzmatdaşlygyň wajyplygyny nygtady. Onuň tassyklamagyna görä, Demirgazyk - Günorta we Gündogar - Günbatar halkara ulag geçelegeleriň arasynda demir ýol ulgamlaryny ösdürmek ŞHG-a agza ýurtlaryň arasynda ykdysady bähbitleri artdyrmagyň möhüm ugurlarynyň biridir.
Duşuşygyň dowamynda taraplar üstaşyr ulag geçelgeleriniň gurluşygyny tamamlamak, ýük daşamak boýunça düzgünleri ýeňilleşdirmek we logistika goldawyny ösdürmek meselelerine ünsi çekdiler.
Şu ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanyň Gazagystanyň, Özbegistanyň, Eýranyň we Türkiýäniň ulag ministrlikleriniň we demirýol pudagynyň wekilleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly geçirilen duşuşygyň dowamynda “Hytaý – Gazagystan – Özbegistan – Türkmenistan – Eýran – Türkiýe – Ýewropa” halkara ulag geçelgesini döretmek baradaky Ylalaşyga gol çekmekligi tizleşdirmek bilen baglanyşykly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.