Halkbank NFC, QR kodlary arkaly töleg etmek üçin programma taýýarlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Halkbank NFC, QR kodlary arkaly töleg etmek üçin programma taýýarlady
Halkbank paýdarlar täjirçilik bankynyň merkezi binasy, Atamyrat Nyýazow (2038) şaýoly, Aşgabat, Türkmenistan

Halkbank paýdarlar täjirçilik banky NFC we QR-kod tehnologiýalaryny ulanmak arkaly galtaşyksyz töleg amallaryny geçirmäge niýetlenen ykjam telefonlar üçin “Sanly kart” programma üpjünçiligini işläp taýýarlady. Bu barada Ministrler Kabinetiniň ykdysady we maliýe meseleleri boýunça orunbasary Hojamyrat Geldimyradow penşenbe güni geçirilen nobatdaky Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa beren hasabatynda mälim etdi.

Wise-premýer şeýle hem Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda bellenen wezipeleri ýerine ýetirmegiň çäklerinde ýurduň karz edaralarynyň hasaplaşyk-töleg ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygyny belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Sanly kart täze bank hyzmatynyň raýatlaryň ykjam telefonlary bilen töleg amallaryny geçirmeginde netijeli boljakdygyny nygtady we wise-premýere harytlar, hyzmatlar üçin hasaplaşyklaryň kämil hem-de döwrebap bolmagyny
gazanmagy tabşyrdy.

“NFC” (Near Field Communication) tehnologiýasy gysga aralykda galtaşyksyz aragatnaşygy üpjün edip, ol maglumat enjamlary biri-birine golaý getirilende maglumatlary alyşmaga mümkinçilik berýär.

QR-kod (Quick Response code) iki ölçegli ştrih kodlardan ybarat bolup, özünde uly mukdardaky maglumaty saklaýan we maglumat enjamynyň kamerasynyň üsti bilen şekilleri okap gaýtadan işleýän tehnologiýadyr.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022