Günorta Koreýa Türkmenistanda Koreý lukmançylygy merkezini açmaga goldaw berer

BIZNES TÜRKMENISTAN
Günorta Koreýa Türkmenistanda Koreý lukmançylygy merkezini açmaga goldaw berer
"Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara sergi, 2023-nji ýylyň 10-12-nji oktýabry, Aşgabat, Türkmenistan

Koreý lukmançylygyny ösdürmek boýunça milli instituty we Pusan milli uniwersitetiniň koreý lukmançylygy ýokary mekdebi Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen saglygy goraýyş we lukmançylyk ulgamynda işewürlik ylalaşygyna gol çekdiler. Aşgabatda "Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy" 16-njy hyzmatdaşlyk forumynyň çäklerinde sişenbe güni gol çekilen resminama Türkmenistanyň saglygy goraýyş merkezleriniň biriniň binýadynda 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda Koreý lukmançylygy boýunça merkezi döretmegi we onuň işini ýola goýmagy göz öňünde tutýar.

Koreý lukmançylygyny ösdürmek boýunça milli institutynyň penşenbe güni habar bermegine görä, baglaşylan ylalaşykda Koreý we saglygy dikeldiş lukmançylygynda häzirki zaman tehnologiýalary, ylmy-amaly maglumatlary alyşmak, bilelikde bilim maksatnamalaryny durmuşa geçirmek, saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek we saglygy goraýyş hyzmatlarynyň we lukmançylyk kömekleriniň berlişini ösdürmekde gatnaşyklary giňeltmek göz öňünde tutulýar.

Koreý lukmançylygyny ösdürmek boýunça milli instituty we Pusan milli uniwersitetiniň Koreý lukmançylygy ýokary mekdebi bilen bu işewürlik ylalaşygyny durmuşa geçirmegiň barşynda Türkmenistanyň lukmançylyk işärleriniň hünär taýýarlygy boýunça birnäçe çäreler hem-de iki ýurduň lukmançylygyny senagatlaşdyrmak ýaly ugurda taslamalary ilerletmek üçin hyzmatdaşlygy giňeltmek işleri geçiriler.

Şu ýylyň awgust aýynda Koreýa Respublikasyndan bolan koreý lukmançylygy boýunça bilermenler topary Türkmenistana sapar bilen gelip, ýurduň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde lukmançylyk we saglygy goraýyş işi ulgamynda hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar. Duşuşygyň netijelerine laýyklykda, taraplar geljekde taslamalary durmuşa geçirmekde işewürlik ylalaşygyny baglaşmak hakynda ylalaşdylar.

2022