FAO: Dünýäde azyk önümleriniň bahalary peselmegini dowam edýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
FAO: Dünýäde azyk önümleriniň bahalary peselmegini dowam edýär
''Borough Market'' bazary, London, Beýik Britanýa (Surat: "The Times")

BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) oktýabr aýynda azyk önümleriniň bahasy boýunça görkezijileri az mukdarda, ýagny geçen ýylyň degişli görkezijisinden 0,5 göterim peseldi. Emma, süýt önümleriniň bahasynyň görkezijisi muňa garamazdan ýokarlandy. Bu barada guramanyň anna güni çap bolan metbugat beýanatynda habar berilýär.

Tüwiniň dünýä bahasynyň 2 göterim we bugdaýyň bahasynyň 1,9 göterim peselmegi sebäpli dänelik ekinleriň umumy bahasy 1,0 göterim azaldy. Bu passiw import talaplaryň we ABŞ-dan ýokary teklipleriň, şeýle hem eksport edijileriň arasynda ýokary bäsdeşligiň bolmagy bilen şertlendi.

Ösümlik ýaglarynyň bahalarynyň görkezijileri 0,7 göterim peseldi. Bu möwsümleýin önümçiligiň ösmegi we pes import talaplarynyň bolmagy netijesinde, palma ýagynyň dünýädäki bahasynyň pese gaçmagynyň täsirinde döredi.
Braziliýada şeker önümçiliginiň möçberiniň artmagy netijesinde, onuň bahasy oktýabr aýynda 2,2 göterim aşaklady. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäkiden 46,6 göterim ýokarydyr.

Etiň bahasynyň görkezijisi 0,6 göterim peseldi. Bu hususan-da, Gündogar Aziýada doňuz etine bolan import talaplarynyň azalmagy netijesinde, onuň bahasynyň pese gaçmagy bilen düşündirilýär.

9 aýyň dowamynda süýt önümleriniň bahasynyň arakesmesiz pese gaçmagyndan soň, oktýabr aýynda onuň bahasy 2,2 göterim ýokarlandy. Okeaniýa sebiti ýurtlarynda “El-Nino” möwsümi sebäpli howa şertleriniň täsiri bilen önümçiligiň kesgitli bolmazlygy we esasan import islegleriniň düýpli ýokarlanmagy netijesinde gury süýdüň dünýädäki bahasy görnetin ýokarlandy.

FAO-nyň däne önümlerine bolan islege we hödürlenýän bahalar boýunça beýleki bir hasabatynda, şu ýyl däneli ekinleriň önümçiliginiň iň ýokary derejesine ýetjekdigini, ýagny 2,819 million tonna boljakdygy çaklanylýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022