Rumyniýanyň daşary işler ministri Luminisa Odobeska duşenbe güni Buharestde resmi saparda bolýan Azerbaýjanyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramow bilen duşuşdy. Onuň barşynda Odobeska Gara deňiz – Hazar deňzi halkara ulag geçelgesini tiz wagtda işe girizmek meselelerini maslahatlaşmagyň wajyplygyny nygtady.
“Veridica” neşiriniň habar bermegine görä, bu başlangyç Gara we Hazar deňizleriniň portlaryny Gündogar – Günbatar üstaşyr ulag geçelgesinde möhüm merkezlere öwrüp, Günorta Kawkaz, Merkezi Aziýa we Aziýa-Ýuwaş ummany sebitlerinden täze goşmaça ýükleri çekmäge mümkiçilik berer diýip, daşary işler ministri Luminisa Odobeska belledi.
2019-njy ýylyň 4-nji martynda Buharestde ýurtlaryň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we işjeňleşdirmek maksady bilen Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Rumyniýanyň we Türkmenistanyň daşary işler ministrleriniň dört taraplaýyn duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň jemleri boýunça Gara we Hazar deňizleriniň arasynda ýük daşamak boýunça ugurlary bilelikde ösdürmäge we bu taslamany tiz wagtda durmuşa geçirmäge bolan ygrarlylygy beýan edýän Jarnama (Buharest Jarnamasy) gol çekildi.
2012-nji ýylda Rumyniýa we Türkmenistan tarapyndan işe girizilen Gara deňiz – Hazar deňzi halkara ulag geçelgesi Rumyniýanyň, Gruziýanyň, Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň geografik baglanyşygyny ulanmak arkaly Merkezi we Demirgazyk Ýewropanyň hem-de Günorta Kawkaz we Merkezi Aziýa/ Aziýa- Ýuwaş ummany sebitiniň arasynda intermodal ulag geçelgesini döretmegi maksat edinýär.