Türkmenistan Palestina ynsanperwerlik kömegini iberdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan Palestina ynsanperwerlik kömegini iberdi
Palestina ugradylan ynsanperwerlik kömegi, 2023-nji ýylyň 9-njy noýabry, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistan penşenbe güni Palestinanyň halkyna, ilkinji nobatda palestin çagalary üçin ynsanperwerlik kömegini ugratdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2023-nji ýylyň noýabr aýynda ynsanperwerlik kömegini ibermek barada degişli Buýruga gol çekdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugynyň habar berşi ýaly, ynsanperwerlik ýüki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan Palestinanyň halky hem-de, ilkinji nobatda, palestin çagalary üçin iberildi.

Ynsanperwerlik ýüki derman we saglygy goraýyş maksatly serişdelerden, dokma, azyk önümlerinden hem-de çagalar üçin egin-eşiklerden, düşek ýapynjalaryndan, aýakgaplardan, azyk önümlerden we beýleki harytlardan ybaratdyr.

2022