Türkmenistan Korrupsiýa garşy halkara guramasyny döretmek hakyndaky Ylalaşyga goşuldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan Korrupsiýa garşy halkara guramasyny döretmek hakyndaky Ylalaşyga goşuldy
Türkmenistanyň Korrupsiýa garşy halkara akademiýasyny halkara gurama hökmünde döretmek hakyndaky Ylalaşyga goşulýandygy baradaky güwänamany gowşurmak dabarasy, 2023-nji ýylyň 8-nji noýabry, Wena, Awstriýa (Surat: Türkmenistanyň Awstriýadaky ilçihanasy)

Türkmenistan Korrupsiýa garşy halkara akademiýasyny (IACA) halkara gurama hökmünde döretmek hakyndaky Ylalaşyga goşulýandygy baradaky güwänama eýe boldy. Degişli resminamany gowşurmak dabarasy penşenbe güni Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işler boýunça Federal ministrliginiň binasynda geçirildi.

Türkmenistanyň Awstriýadaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň we Awstriýanyň wekilleri halkara we ýurt derejelerinde korrupsiýa garşy alnyp barylýan işler barada özara pikir alyşdylar, şeýle hem bu babatda Korrupsiýa garşy halkara akademiýasy bilen hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini bellediler.

Korrupsiýa garşy halkara akademiýa halkara gurama hökmünde döredilip, öz işine 2010-njy ýylda başlady. Bu akademiýanyň BMG-niň Baş Asambleýasynyň işine gatnaşmak üçin synçy derejesi hem bar. Akademiýa Birleşen Milletler Guramasy we onuň Neşe serişdelerine we jenaýatçylyga garşy göreşmek müdiriýeti, Interpol ýaly düzümleri, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy hem-de Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasy bilen utgaşykly işleri alyp barýar.

Korrupsiýa garşy halkara akademiýasyna gatnaşyjylaryň Assambleýasy, Dolandyryjylaryň geňeşi, Halkara ýokary konsultatiw geňeşi we Halkara ýokary akademiki geňeşi Akademiýanyň esasy düzüm birlikleri bolup durýar. Ady agzalan Assambleýanyň mejlisi azyndan ýylda bir gezek geçirilýär. Häzirki wagtda onuň jemi 11 mejlisi geçirilip, nobatdaky 12-nji mejlisi 9-njy noýabrda geçirildi

2022