Türkmenistanyň Balkan welaýatyndaky Tersakan, Däneata, Etrek, Aladag we Çalja ýaly ýod-bromly täze suw ýataklary özleşdiriler.
Şu maksat bilen “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tender toparynyň adyndan ady agzalan bejerijilik häsiýetli suw ýataklary özleşdirmek üçin tehniki-ykdysady esaslary işläp taýýarlamak boýunça halkara tenderi yglan etdi. Degişli tenderiň bildirişi “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde sişenbe güni çap edildi.
Tendere gatnaşmak üçin oňa gatnaşyjynyň doly adyny görkezýän we gatnaşmak islegini beýan edýän ýazuw görnüşindäki arzanyň tebşyrylmagy zerurdyr.
Mundan daşary, goşulan baha üçin salgydy hasaba almazdan, tender resminamalarynyň toplumyny almak üçin 1725 (bir müň ýedi ýüz ýigrimi bäş) ABŞ dollary ýa-da Türkmenistanyň Merkezi bankynyň kesgitlän bahasyna barabar manat serişdeleriniň (Türkmenistanyň raýatlary üçin) tölenmegi zerurdyr.
Tender üçin teklipler bildirişiň çap edilen gününden 30 (otuz) iş gününiň dowamynda ýazgy görnüşinde kabul edilýär.