Türkmenistanyň energetika toplumy Pariždäki Halkara maýa goýum forumynda tanyşdyrylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň energetika toplumy Pariždäki Halkara maýa goýum forumynda tanyşdyrylar
“Türkmennebit” döwlet konserniniň “Türkmenistanyň nebiti we gazy-2023” atly halkara sergisindäki diwarlygy, 2023-nji ýylyň 25-27-nji oktýabry, Aşgabat, Türkmenistan

2024-nji ýylyň 24-25-nji aprelinde Fransiýanyň paýtagty Parižde Türkmenistanyň energetika toplumyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum geçiriler.

“Türkmen Forum” hojalyk jemgyýetiniň resmi saýtynda mälim edilşine görä, bu çäre Türkmenistanyň energetika pudagyna göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge, energetika ulgamynyň durnukly ösüşi üçin sebit dialogyny işjeňleşdirmäge gönükdirilendir.

Halkara çäräniň çäklerinde nebiti we gazy gazyp almak, daşamak we gaýtadan işlemek pudagynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylar.

Foruma öňdebaryjy milli we halkara eenrgetika kompaniýalary, şeýle hem diňe bir Türkmenistanyň däl, eýsem tutuş sebitiň nebitgaz pudagynyň geljegini çaklap bilýän bilermenler gatnaşarlar.

Çäre “Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernleri, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýeti we “GaffneyCline” britan kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda guralýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022