Koreýa Respublikasynyň “Kia” kompaniýasy Gazagystanyň Kostanaý şäherinde hususy awtomobilleri öndürmegiň doly aýlanyşygyny özünde jemleýän zawodyň gurluşygyna başlady. Bu barada "inbusiness.kz." neşiri şenbe güni habar berdi.
Täze zawodyň önümçilik kuwwaty ýylda 70 müň awtomobil öndürmäge ukyply bolup, onda 1500 töweregi iş orunlarynyň döredilmegi meýilleşdirilýär. Kärhananyň işe girizilmeginiň birinji tapgyrynda bu ýerde “Sorento”, “Sportage” we “Cerato” atly modelleriň birbada üçüsiniň önümçiligi ýola goýlar. Soňlugy bilen bu ýerde “Kia” brendiniň ähli önümçilikleri ýola goýlar. Bu taslama 250 million ABŞ dollary möçberinde daşary ýurt maýasy goýlar.
Habar berlişine görä, “Kia” öz taryhynda ilkinji gezek Koreýa Respublikasynyň çäklerinden aňyrdaky daşary ýurtda bilelikdäki kärhana we onuň gurluşygy üçin göni maýa goýdy.
2024-nji ýylda gurluşyk işleriniň tamamlanmagyna we şondan soň degişli enjamlaryň oturdylyp başlanmagyna garaşylýar. Täze awtomobil zawody 2025-nji ýylyň birnji çärýeginde synag görnüşde, şol ýylyň ikinji çärýeginden bolsa önümçiligiň doly aýlanyşygy boýunça işläp başlar.