Aşgabatda CASCA+ mejlisinde ýüksüz konteýnerler üçin ýörite tariflere garaldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabatda CASCA+ mejlisinde ýüksüz konteýnerler üçin ýörite tariflere garaldy
CASCA+ halkara multimodal ulag-üstaşyr geçelgesine agza ýurtlaryň demir ýol edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy, 2023-nji ýylyň 15-nji noýabry, Aşgabat, Türkmenistan.

“Aziýa-Ýuwaş umman sebiti – Hytaý – Gyrgyzystan – Özbegistan – Türkmenistan – Azerbaýjan – Gruziýa – Türkiýe – Ýewropa” (CASCA+) halkara multimodal ulag-üstaşyr geçelgesine agza ýurtlaryň demir ýol edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Aşgabatda çarşenbe güni badalga alan duşuşygynda ähli ugurlar boýunça gatnadylýan ýüksüz konteýnerler üçin ýörite tarif ulgamyny girizmek meseleleri maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, degişli çärä gatnaşýan Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň we Türkmenistanyň ugurdaş ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, logistika kompaniýalarynyň we kärhanalarynyň wekilleri şeýle hem kömür, mazut, dökün, kükürt, nebit önümleri, azyklyk un, şeker we beýleki iýmit önümleriniň demir ýol arkaly daşalmagynda ýörite tarifleri girizmek meselelerine hem garaldy.

Mundan başga-da, çäräniň çäklerinde logistik düzümleriň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, ulag geçelgesini işjeňleşdirmek we awtomobil, deňiz, demir hem-de howa daşamalarynda ulag mümkinçiliklerini durmuşa geçirmekde tejribeleri alyşmak meseleleri maslahatlaşylar.

Duşuşygyň barşynda degişli ulag geçelegesiniň operatorlarynyň şu ýyl konteýner ýük daşamalaryny 30 müň konteýner birligine ýetirmek ugrunda tagalla edýändikleri bellenildi. Mälim edilişine görä, agzalan geçelge boýunça ýük daşamalarda Türkmenistan import ugry boýunça 9 müň, eksport ugry boýunça 12 müň we üstaşyr ýük daşamalarda hem 9 müň konteýner daşady. 

“CASCA+” bu Merkezi Aziýa, Günorta Kawkaz we Anatoliýa sebitlerini öz içine alýan Azerbaýjanyň, Gruzýanyň, Gyrgyzystanyň, Türkmenistanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň döwlet demir ýol edaralarynyň döreden ulag başlangyjydyr. Ol Aziýa-Ýuwaş umman sebit ýurtlaryny Hytaýyň we Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa bilen baglanyşdyrýan halkara multimodal ulag geçelgesidir.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022