Noýabr III hepde: TDHÇMB-da söwdalar $8,7 milliondan geçdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Noýabr III hepde: TDHÇMB-da söwdalar $8,7 milliondan geçdi
Öndürilen portlandsemendiň gözden geçirilýän pursady (Surat: The Economic Times)

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda (TDHÇMB) geçen hepdede geçirilen söwdalaryň jemi bahasy 8 million 799 müň ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy duşenbe güni habar berdi.

Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE), Singapuryň, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri daşary ýurt puluna “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni we uçar kerosinini satyn aldylar.

TDHÇMB-nyň habar bermegine görä, Türkiýäniň, BAE-niň, Owganystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň telekeçilerine ýorgan-düşek toplumlary, nah mata we ýüplük, portlandsement ýerlenildi.

Şeýle hem, türkmen telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 89 million 798 müň manatdan gowrak bolan polipropileni, yşyklandyryş kerosinini, nebit ýol bitumyny (“Türkmennebit” döwlet konserni), el halylaryny, panbarhat we nah matalary, nah ýüplügi satyn aldylar.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 81-si hasaba alyndy.

TDHÇMB-da oktýabr aýynda baglaşylan söwda geleşikleriň jemi bahasy 130 million ABŞ dollaryna deň boldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022