Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň, Azerbaýjanyň Döwlet gümrük komitetiniň we Türkiýäniň Söwda ministrliginiň wekilleri penşenbe güni wideoaragatnaşyk ulgam arkaly üç taraplaýyn duşuşyk geçirdiler. Duşuşykda taraplar harytlar we ulag serişdeleri barada özara maglumat alyşmagy ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy habar berdi.
Bu duşuşyk Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlangyjy boýunça “Gümrük hyzmatdaşlygy boýunça Bilelikdäki maslahat beriş toparyny döretmek hakynda” Türkmenistanyň Hökümetiniň, Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň we Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnamany ýerine ýetirmek maksady bilen guraldy.
Duşuşykda 2022-nji ýylyň 14-nji dekabrynda Türkmenbaşy şäherinde gol çekilen we birek-birek bilen üstaşyr geçirilýän harytlar barada maglumat alyşmak arkaly gümrük amallarynyň has çalt we ýeňilleşdirilen usulda amala aşyrylmagyny göz öňünde tutýan bu Ähtnamanyň iş ýüzünde amal etmek üçin geljekki edilmeli işler we wezipeler kesgitlenildi.
Mundan başga-da, taraplar ýakyn wagtda bilelikdäki maslahat beriş toparynyň agzalary barada maglumaty alyşmagy ylalaşdylar. Şeýle hem Bilelikdäki toparyň birinji mejlisiniň geçiriljek ýerini we wagtyny kesgitlediler.