Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň anna güni sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynda (СOP-28) Ählumumy metan borçnamasyna Türkmenistanyň goşulmak meselesine dünýäniň iri döwletleriniň ünsi çekiljekdigini aýtdy.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habaryna görä, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan СOP-28 maslahatyna gatnaşmaga taýýarlyk görmek, forumyň barşynda kabul edilmegi göz öňünde tutulýan resminamalar we onuň çäklerinde meýilleşdirilen çäreler barada hasabat berdi.
Mundan başga-da, Raşid Meredow COP-28 maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny yglan etmegiň teklip edilýändigini mälim etdi. Bu meselä şu ýylyň 23-nji noýabrynda geçirilen Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisinde seredildi.
Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň daşary işler ministri borçnamanyň şertlerini milli derejede ýerine ýetirmäge gönükdirilen bilelikdäki taslamalaryň we maksatnamalaryň çäklerinde halkara guramalar, hyzmatdaş ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň teklip edilýändigini mälim etdi.
Raşid Meredowyň aýtmagyna görä, degişli ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde COP-28 maslahatynda kabul ediljek resminamalar seljerildi we olaryň birnäçesine Türkmenistanyň goşulmagy teklip edilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşýan taraplaryň 28-nji maslahatynda kabul ediljek resminamalaryň möhümdigini nygtady we gatnaşýan taraplar bilen hyzmatdaşlygy has-da berkitmegiň zerurdygyny belläp, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli tabşyryklary berdi.
Şeýle-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisine ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ileri tutulýan wezipeler, başga-da birnäçe meseleler girizildi.