Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň “2024-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Kanuna gol çekdi. Bu Kanun “Türkmenistan” gazetinde duşenbe güni çap edildi.
Kanuna laýyklykda, Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujetini girdejiler we çykdajylar boýunça 102 milliard 313,5 million manat möçberinde şol sanda býujetiň birinji derejesini girdejiler we çykdajylar boýunça 32 milliard 865,0 million manat möçberinde tassyklamaly edildi.
Şeýle hem Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Merkezleşdirilen býujeti girdejiler we çykdajylar boýunça 91 milliard 544,7 million manat möçberine, şol sanda býujetiň birinji derejesi girdejiler we çykdajylar boýunça 22 milliard 096,2 million manat möçberine deň boldy.
Mundan başga-da, 2024-nji ýylda Türkmenistanyň Merkezleşdirilen býujetinden Arkadag şäheriniň we welaýatlaryň býujetleriniň deňeçerligini üpjün etmek üçin olara jemi 2 milliard 986,2 million manat, ýagny Arkadag şäherine 211,3 million manat, Daşoguz welaýatyna 1 milliard 685,4 million manat, Lebap welaýatyna 1 milliard 089,5 million manat möçberinde serişdeleri bölüp bermeli edildi.
Türkmenistanyň “2024-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Kanunynda zähmet haky, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň goralan maddalarydyr diýlip bellenilýär.
Türkmenistanyň Mejlisi ýurduň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň girdejiler boýunça 124 milliard 299 million 117,6 müň manat we çykdajylar boýunça 117 milliard 601 million 110,4 müň manat möçberinde ýerine ýetirilendigini tassyklady.