Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentiniň howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça Ýörite wekili Jon Kerri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, öňde Dubaý şäherinde geçiriljek howa meseleleri boýunça “COP-28” maslahatyna taýýarlyk görmek, hususan-da, Türkmenistanyň we ABŞ-nyň atmosfera goýberilýän metan zyňyndylaryny azaltmak babatda hyzmatdaşlygy hem-de bu ulgamdaky gatnaşyklary hukuk taýdan berkitmegiň mümkinçilikleri söhbetdeşligiň esasy meselesi boldy.
Türkmenistanyň Döwlet Baştutany ýurduň howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meselelere daşary syýasatyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde garaýandygyny aýtdy we Türkmenistanyň dünýä döwletleriniň garaýyşlaryna, şol sanda ABŞ-nyň bu babatda halkara bileleşigiň tagallalaryny birleşdirmek boýunça geçirýän çärelerine hormat bilen garaýandygyny, öňe sürýän başlangyçlaryna bolsa türkmen tarapynyň oňyn baha berýändigini nygtady.
ABŞ-nyň Prezidentiniň Ýörite wekili Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa howanyň üýtgemegine garşy göreş ýaly häzirki döwrüň möhüm meselesini çözmek we atmosfera goýberilýän metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça uly ähmiýetli işleri geçirýändigi üçin hoşallyk bildirip, birnäçe anyk teklipleri öňe sürdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda ählumumy ekologik wehimleriň dünýä döwletleriniň öňünde täze wezipeleri, ozaly bilen, milli meýilnamalaryň hem-de strategiýalaryň döwrebaplaşdyrylmagy, olara parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça häzirki zaman usullarynyň girizilmegi bilen baglanyşykly wezipeleri goýýandygy bellenildi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentiniň howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça Ýörite wekili Jon Kerri oňyn döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etdirmek baradaky pikiri tassykladylar.