Putin: Russiýa Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna hormat goýýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Putin: Russiýa Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna hormat goýýar
Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin daşary ýurtlaryň Russiýada täze bellenilen ilçileriniň ynanç hatyny gowşurmak dabarasynda, 2023-nji ýylyň 4-nji dekabry, Moskwa, Russiýa. (Surat: RIA Nowosti)

Russiýa Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk syýasatyna uly hormat goýýar diýip, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin duşenbe güni daşary ýurtlaryň Russiýada täze bellenilen ilçileriniň ynanç hatyny gowşurmak dabarasynda aýtdy. Bu barada “Russiýa 24” telekanaly habar berýär.

“Biz köptaraply platformalarda, ilkinji nobatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA), Hazarýaka döwletleri we “Merkezi Aziýa + Russiýa” formatynyň çäginde özara gatnaşyklary netijeli dowam etdirmäge taýýardyrys” diýip, Wladimir Putin nygtady.

Russiýanyň Prezidenti öz çykyşynda Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň işjeň ösdürilmegine ünsi çekdi.

Şeýle hem Wladimir Putin ynsanperwer hyzmatdaşlygyň çäginde Rus-türkmen uniwersitetiň döredilmegine, Döwlet rus drama teatrynyň täze binasynyň gurulmagyna we Aşgabatda Puşkin adyndaky bilelikdäki orta mekdebiň goşmaça binasynyň gurulmagyna belläp geçdi.

Şol gün Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow we Russiýanyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Alekseý Owerçuk bilen hem duşuşyk geçirdi.

2022