Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli 302 sany raýatyň günäsi geçilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli 302 sany raýatyň günäsi geçilýär
Türkmenistanyň Konstitusiýa binasy, Aşgabat şäheri.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde jenaýat edendikleri üçin iş kesilen 302 sany raýatyň, şol sanda daşary ýurtly 6 raýatyň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günäsini geçmek baradaky Permanlara gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Begenç Gündogdyýewe hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde, günäsi geçilen adamlary tussaglykdan boşadyp, olar ýakyn wagtda öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly, ähli zerur işleri geçirmek barada görkezme berdi.

Şeýle hem welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimlerine, beýleki ýolbaşçylara günäsi geçilen adamlary iş bilen üpjün etmek boýunça degişli çäreleri amala aşyrmak tabşyryldy.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow mejlisiň barşynda ýurduň daşary işler ministriniň täze orunbasarlaryny wezipä belledi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022