Türkmenistan we Owganystan elektrik energiýasynyň üpjünçiligi boýunça Ylalaşygy maslahatlaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan we Owganystan elektrik energiýasynyň üpjünçiligi boýunça Ylalaşygy maslahatlaşdylar
Türkmen wekiliýeti bilen DABS kompaniýasynyň wekilleriniň arasynda geçirilen duşuşyk, 2023-nji ýylyň 8-nji dekabry, Owganystan. (Surat: DABS)

Türkmen wekiliýeti bilen Owganystanyň “Da Afghanistan Breshna Sherkat” (DABS) energetika kompaniýasynyň wekilleriniň arasynda geçirilen duşuşykda 2024-nji ýyl üçin elektrik energiýasyny satyn almak we “Nur-ul-Jahad” podstansiýasynyň taslamasynyň gurluşygyny tizleşdirilmek ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada DABS kompaniýasy anna güni habar berdi.

DABS-yň Baş direktory Alhaj Mula Muhammad Hanif Hamza we Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň TOP ugry boýunça halkara elektroenergetika taslamalarynyň müdirliginiň başlygy Myrat Artykowyň ýolbaşçylygynda geçirilen duşuşykda energiýa pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ähmiýetine üns çekildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar “Nur-ul-Jahad” podstansiýasynyň taslamasynyň durmuşa geçirilişini tizleşdirmegiň zerurdygyny we degişli işleri geçirmelidigini bellediler. Türkmenistanyň tehniki wekiliýeti DABS-yň ýolbaşçylaryny 2024-nji ýylda elektrik energiýasyny satyn almak baradaky Ylalaşygy baglaşmak üçin sapar bilen Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherine gelmäge çagyrdy.

Şeýle hem DABS-yň Baş direktory Türkmenistana yzygiderli hyzmatdaşlygy üçin minnetdarlyk bildirdi we iki ýurduň arasyndaky oňyn gatnaşyklary berkitmek we goldamak üçin ikitaraplaýyn duşuşyklaryň möhümdigini aýtdy.

Owganystanyň energetika kompaniýasy “Da Afghanistan Breshna Sherkat” (DABS) sentýabr aýynda resmi taýdan ýurduň Hyrat welaýatynda “Nur-ul-Jahad” podstansiýasynyň gurluşyk işlerine başlady

2022