Aşgabat şäherinde awtoulaglara ýangyç guýujy täze beket açyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabat şäherinde awtoulaglara ýangyç guýujy täze beket açyldy
Aşgabat şäheriniň çäginde açylan täze ýangyç guýujy beket, 2023-nji ýylyň 13-nji dekabry, Türkmenistan.

Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli Aşgabat şäheriniň çäginde awtoulaglara ýangyç guýujy bekediň açylyş dabarasy geçirildi. Bu barada “Watan habarlary” gepleşigi çarşenbe güni habar berdi.

“Türkmennebit” döwlet konserniniň “Türkmennebitönümleri” baş müdirligine degişli bolan awtoulaglara ýangyç guýujy täze beket bir günüň dowamynda 1 müň 500 awtoulaga hyzmat etmäge ukyplydyr.

Habarda bellenilişi ýaly, bu beketde degişli hyzmatlaryň ýokary derejede ýerine ýetirilmegi üçin ähli zerur şertler döredilendir.

Aşgabat şäheriniň çäginde açylan awtoulaglara ýangyç guýujy täze beket “Türkmennebitönümleri” baş müdirliginiň garamagyndaky Hojalyk hasaplaşygyndaky abatlaýyş-gurluşyk müdirliginiň işgärleriniň we hünärmenleriniň bilelikdäki zähmeti netijesinde gurlup ulanmaga berildi.

Bu ýerde awtoulaglara guýulýan ýangyjyň möçberi, ýerine ýetirilen işler boýunça hasabatlar, degişli seljermeler ýöriteleşdirilen enjamlar arkaly amala aşyrylýar.

2022