Türkmenistan we Gazagystan nobatdaky işewürlik maslahatyny Aşgabatda geçirmegi ylalaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan we Gazagystan nobatdaky işewürlik maslahatyny Aşgabatda geçirmegi ylalaşdylar
Şu ýylyň 28-nji noýabry – 2-nji dekabry aralygynda sapar bilen Aşgabada gelen Gazagystanyň wekiliýetiniň türkmen tarapy bilen geçiren duşuşygy, Türkmenistan. (Surat: "Astana" Diplomatiýa kluby)

Şu ýylyň 28-nji noýabry – 2-nji dekabry aralygynda Gazagystanyň wekiliýeti iş sapary bilen Aşgabada geldi. Türkmenistanyň we Gazagystanyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen gepleşikleriň çäklerinde oňa gatnaşyjylar geljek ýyl Aşgabatda gazagystanly işewürleriň gatnaşmagynda işewürlik maslahatyny guramagy ylalaşdylar. Bu barada ”News Central Asia” saýty habar berdi.

Gepleşikleriň barşynda taraplar bilelikdäki işewürlik forumlaryny we beýleki çäreleri geçirmek meselelerini maslahatlaşdylar hem-de iki ýurduň işewürleriniň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça birnäçe wezipeleri kesgitlediler.

Gazagystanyň işewür wekiliýeti Mary, Aşgabat we Türkmenbaşy şäherlerinde bolup, dürli önümçilikleriň işi bilen tanyşdylar hem-de hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem wekiliýet agzalary senagat, ulag-logistika, oba hojalyk we bilim ýaly ulgamlarda ýerli telekeçiler hem-de guramalar bilen özara gatnaşyklary ilerletmäge gyzyklanma bildirdiler.

Işewürlik saparynyň çäklerinde gozgalan esasy ugurlar ulag geçelgelerini ösdürmek, bagçylykda damjalaýyn suwaryşy ornaşdyrmak, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda sebitara işewürlik maslahatyny we sergisini guramak, şeýle hem ulag-logistika ulgamynda ylmy-amaly hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglanyşykly boldy.

Şeýle hem Gazagystanly işewürler Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda bolup, türkmen kärdeşleri bilen hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça pikir alyşdylar we bilelikde işleşmäge gyzyklanmalaryny beýan etdiler.

Işewürlik sapary Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçihanasynyň ýardam bermeginde “Astana” Diplomatiýa kluby tarapyndan guraldy.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Gazagystanyň wekilleriniň we türkmen telekeçileriniň şeýle-de ady agzalan edaranyň wekilleriniň arasynda oktýabr aýynyň başynda duşuşyk geçirildi. Saparyň netijeleri boýunça 3 million ABŞ dollaryna barabar bolan deslapky şertnamalara gol çekildi.

2022