TDHÇMB-da penşenbe güni $14,5 milliondan gowrak geleşik baglaşyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
TDHÇMB-da penşenbe güni $14,5 milliondan gowrak geleşik baglaşyldy
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilýän söwdalardan bir pursat, Aşgabat, Türkmenistan.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) penşenbe güni daşary ýurt puluna geçiren söwdalarynda jemi bahasy 14 million 591 müň 725 ABŞ dollaryna deň bolan geleşik baglaşyldy.

Britan-Wirgin adalaryndan gelen işewür “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen КО-20 kysymly yşyklandyryjy kerosini satyn aldy. Geleşigiň umumy bahasy 14 million 56 müň 250 ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy habar berdi.

Gyrgyz Respublikasynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 535 müň 475 ABŞ dollaryna deň bolan nah ýüplügini, dürli reňklerdäki we dürli ölçeglerdäki düz boýalan hem-de žakkard sütükli önümleri, pagta süýümini, regenerirlenen pagta süýümini satyn aldylar.

Şeýle hem türkmen telekeçileri ýerli bazar üçin pagta galyndysynyň delint tüýjümegini, pagta ýagynyň çökündisiniň distilirlenmedik ýagly turşulygyny, pagta ýagynyň çökündisiniň ýagly turşulyklaryny satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 6 million 480 müň manada barabar boldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede geçirilen söwdalaryň umumy bahasy 83 million 643 müň ABŞ dollaryna deň boldy.

2022