Bakudan üstaşyr eksport edilen nebitiň 17,3%-i Türkmenistanyň, Gazagystanyň paýyna düşýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Bakudan üstaşyr eksport edilen nebitiň 17,3%-i Türkmenistanyň, Gazagystanyň paýyna düşýär
Türkiýäniň günortasynda ýerleşýän Adana welaýatynyň Jeýhan etrabyndaky Geýdar Aliýewiň adyny göterýän nebit guýujy terminal. (Surat: AA)

2023-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda Baku-Tbilisi-Jeýhan turbageçirijisi arkaly üstaşyr geçirilen nebitiň umumy möçberiniň 17,3 göterimi Türkmenistan bilen Gazagystanyň paýyna düşýär.

Azerbaýjanyň Döwlet statistika komitetine salgylanyp, “Interfax-Azerbaijan” agentliginiň anna güni beren habaryna görä, üstaşyr geçirilen Türkmenistanyň we Gazagystanyň nebitiniň paýy 4 million 780,8 müň tonna deň boldy.

Hasabat döwründe Baku-Tbilisi-Jeýhan turbageçirijisiniň üsti bilen daşalan nebitiň umumy mukdary 27 million 635,3 müň tonna barabar boldy. Bu görkeziji 2022-nji ýylyň degişli döwürleri bilen deňeşdirilende 1,9 göterim ýokarydyr.

Degişli turbageçiriji arkaly şu ýylyň ýanwar - oktýabr aýlarynda akdyrylan nebitiň umumy möçberiniň 17 göterimi ýa-da 4 million 270,3 müň tonnasy Türkmenistandan we Gazagystandan üstaşyr geçirilipdi.

2022