Ahal, Mary, Balkan welaýatlaryndaky demirýol stansiýalarynda döwrebap binalar gurlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ahal, Mary, Balkan welaýatlaryndaky demirýol stansiýalarynda döwrebap binalar gurlar
Aşgabat demirýol menzilinden ugran ýolagçy otlusy, Türkmenistan.

Türkmenistanyň Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinde, Ahal welaýatynyň Kaka we Bäherden etraplarynda hem-de Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde degişlilikde Baýramaly, Duşak, Bamy we Jebel demirýol stansiýalarynda döwrebap binalar gurlar.

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Baýramaly, Duşak, Bamy we Jebel demirýol stansiýalarynda döwrebap binalary gurmak boýunça bäsleşik yglan etdi. Bu bäsleşik “Türkmenistan” gazetinde duşenbe güni çap edildi.

Bäsleşige gatnaşmak üçin gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary we teklipleri ýurduň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.

Baýramaly, Duşak, Bamy we Jebel demirýol stansiýalarynda döwrebap binalary gurmak boýunça bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän taraplaryň haýyşnamalary 2024-nji ýylyň 5-nji fewralyna çenli kabul edilýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022