PEK Demirgazyk–Günorta ugry boýunça Türkmenistandan Russiýa ýük daşamaga başlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
PEK Demirgazyk–Günorta ugry boýunça Türkmenistandan Russiýa ýük daşamaga başlady
Russiýany Gazagystan bilen birleşdirýän M12 federal awtoulag ýoly, Russiýa. (Surat: gov.ru)

Russiýanyň köp hyzmatly logistika operatory bolan PEK Demirgazyk – Günorta halkara ulag geçelgesiniň gündogar şahasy arkaly Türkmenistanyň we Russiýanyň arasynda gurnama ýüklerini eltip bermek işini ýola goýdy. Bu barada Logistics.ru pudaklaýyn portaly duşenbe güni habar berdi.

Degişli ugur boýunça yzygiderli ýük gatnawy iki hepdede bir gezek amala aşyrylýar. Geljek ýyldan bolsa, bu gatnawlar has-da ýygjam amala aşyrylar.

Kompaniýa Aşgabatda ýükleri jemlemek we gaýtadan işlemek boýunça hyzmatdaşlyk şahamçasyny hem açdy. Täze meýdança halkara howa menzilinden 5 kilometr, şeýle-de Türkmenistany Gazagystan we Russiýa bilen özara baglanyşdyrýan “E60” gara ýolundan 28 kilometr uzakda ýerleşýär.

Hususan-da, ýurduň üstaşyr mümkinçilikleriniň hasabyna Türkmenistandan ýük daşamaga bolan isleg barha artýar. Şunuň bilen baglylykda, PEK kompaniýasy geljek ýylda bu sebitde ýükleri jemlemek we gaýtadan işlemek üçin täze meýdançalary açmagy, şeýle hem Demirgazyk – Günorta halkara ulag geçelgesi boýunça Russiýanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Gazagystanyň arasynda yzygiderli ýük gatnawyny ýola goýmagy meýilleşdirýär.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistan köp hyzmatly logistika operatorynyň geljek ýylda açmagy meýilleşdirýän bitewi üstaşyr ulag ugrunyň bir bölegi bolar. Täzeden dikeldilýän Ýüpek ýoly Russiýanyň, Merkezi we Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlarynyň üstünden geçer.

2022