2024-nji ýyl “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip yglan edildi

BİZNES TÜRKMENISTAN
2024-nji ýyl “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip yglan edildi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi, 2023-nji ýylyň 29-njy dekabry, “Ruhyýet” köşgi, Aşgabat, Türkmenistan.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni Aşgabatda ýerleşýän “Ruhyýet” köşgünde geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2024-nji ýylyň şygaryny “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýip yglan etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa geljek ýylyň şygaryny we nyşanyny kesgitlemek boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy 2024-nji ýyly Magtymguly Pyragynyň ady bilen baglanyşykly atlandyrmak, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” goşgusyndan ugur alyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň wekillerinden, ýurduň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmet toparlaryndan we türkmen raýatlaryndan gelip gowşan teklipleri göz öňünde tutup, 2024-nji ýyly “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýip atlandyrmak barada Mejlisiň kararynyň taýýarlanylandygy barada habar berdi.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany her ýyly döwrebap atlandyrmak üçin ýylyň şygarynyň yglan edilýändigini we nyşanynyň kabul edilýändigini belläp, geljek ýylyň şygary hem-de nyşany baradaky beýan eden teklibi makullady. 

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow mejlisiň dowamynda oňa gatnaşyjylary täze — 2024-nji luw ýyly bilen tüýs ýürekden gutlady we hemmelere geljek ýylda türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, Türkmenistany ählitaraplaýyn ösdürmek ugrunda alyp barjak işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022