TDHÇMB-da anna güni "B" kysymly karbamid satyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
TDHÇMB-da anna güni "B" kysymly karbamid satyldy
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilýän söwdalardan bir pursat

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) anna güni daşary ýurt puluna geçiren söwdalarynda "B" kysymly karbamid uly islegden peýdalanyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy habar berdi.

Birleşen Arap Emirliklerinden, Russiýadan we Türkiýeden gelen işewürler “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen "B" kysymly karbamidi satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 6 million 307 müň 500 ABŞ dollaryna barabar boldy.

Şeýle hem Türkiýäniň telekeçileri umumy bahasy 224 müň 400 ABŞ dollaryna deň bolan nah ýüplügini satyn aldylar.

Mundan başga-da, ýerli telekeçiler içerki bazar üçin BND 60/90 kysymly şepbeşik nebit ýol bitumyny, türkmen el halysyny satyn almak boýunça geleşik baglaşdylar. TDHÇMB-nyň söwdalarynda baglaşylan bu geleşikleriň jemi bahasy 5 million 55 müň 440 manatdan geçdi.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda (TDHÇMB) geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň jemi bahasy 18 million 114 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy.

2022