Türkmenistan Owganystany 1,8 milliard kWt-sagat elektrik energiýasy bilen üpjün eder

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan Owganystany 1,8 milliard kWt-sagat elektrik energiýasy bilen üpjün eder
“Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasy bilen DABS kompaniýasynyň arasynda 2024-nji ýyl üçin elektrik energiýa üpjünçiligi boýunça şertnama gol çekilýär, Türkmenistan. (Surat: DABS)

Türkmenistanyň energetika ministry Annageldi Saparow we “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň ýolbaşçylary Türkmenistanda iki günlük saparda bolaýan Owganystanyň “Da Afghanistan Breshna Sherkat” (DABS) energetika kompaniýasynyň Baş direktory Alhaj Mula Muhammad Hanif Hamza we kompaniýanyň wekilleri bilen duşuşyk geçirdiler. Owganystanyň wekiliýetiniň Türkmenistana saparynyň netijeleri boýunça 2024-nji ýyl üçin elektrik energiýa üpjünçiligi boýunça şertnama gol çekildi.

Bu şertnama laýyklykda, dört ugura, ýagny, Andhoý, Akina, Badgis we Turgondaý-Hyrat ugurlaryna 1,8 milliard kilowat sagada çenli elektrik energiýasy ugradylar. Bu barada Owganystanyň hökümetiniň metbugat merkezi GMIC duşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasy Şebergandan Argandaýa çenli uzaýan we 500 kW bolan elektrik geçiriji liniýanyň tamamlanjakdygyny aýtdy. Bu liniýa ýakynda açyldy we ol Owganystana Türkmenistandan has köp elektrik energiýasyny satyn almaga mümkinçilik berer.

Şeýle hem duşuşykda Owganystanyň Hyrat welaýatyndaky “Nur-ul-Jahad” podstansiýasynyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen wekiliýeti bilen Owganystanyň “Da Afghanistan Breshna Sherkat” (DABS) energetika kompaniýasynyň wekilleriniň arasynda geçen ýylyň dekabr aýynda geçirilen duşuşykda 2024-nji ýyl üçin elektrik energiýasyny satyn almak we “Nur-ul-Jahad” podstansiýasynyň taslamasynyň gurluşygyny tizleşdirilmek ara alnyp maslahatlaşylypdy.

2022