Ýanwar I hepde: TDHÇMB-da $51,3 milliondan gowrak eksport geleşikleri baglaşyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ýanwar I hepde: TDHÇMB-da $51,3 milliondan gowrak eksport geleşikleri baglaşyldy
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilýän söwdalardan bir pursat

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda (TDHÇMB) geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň jemi bahasy 51 million 329 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy duşenbe güni habar berdi.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň, Maltanyň telekeçileri we beýlekiler “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen uçar kerosinini, polipropileni, yşyklandyryş kerosinini satyn aldylar.

Beýik Britaniýanyň işewür toparlarynyň wekilleri bolsa “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine nah mata we nah ýüplük, jins matalary ýerlenildi.

Türkmenistanyň işewürleri içerki bazar üçin “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni, nebit ýol bitumyny, el halylaryny, nah ýüplügi, ýüpek çig malyny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 14 million 756 müň manatdan gowrak boldy.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 21-si hasaba alyndy.

Dekabr aýynda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň oňyn ösüşini şöhlelendirýän uly işjeňlik gazanyldy. Baglaşylan geleşikleriň jemi bahasy 155 million 52 müň 252 ABŞ dollaryna deň boldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022