2023: SNGIZ-de 490 müň tonna golaý nebit gaýtadan işlenildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
2023: SNGIZ-de 490 müň tonna golaý nebit gaýtadan işlenildi
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody, Lebap welaýaty, Türkmenistan.

Lebap welaýatynda ýerleşýän Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda (SNGIZ) geçen ýyl esasy çig mal bolan nebitiň 489 müň 684 tonnasy gaýtadan işlenildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Hasabat döwründe gaýtadan işlenilen nebitden 413 müň tonnadan gowrak önüm öndürildi.

Öndürilen harytlyk önümleriň 230 müň 390 tonnadan gowragy A-95, A-92 we A-80 kysymly benzin, 123 müň 680 tonna golaýy hem dizel ýangyjydyr. Şeýle hem zawodda 2023-nji ýylyň ýanwar-dekabr aýlarynda jemi 30 müň 65 tonna golaý agyr wakum gazoýly, 5 müň 375 tonna mazut, 22 müň 680 tonna golaý hem ýol bitumy öndürildi.

Mundan başga-da, kärhanada öndürilýän önümler Özbegistan, Owganystan, Gruziýa, Birleşen Arap Emirlikleri ýaly döwletlere eksport edilýär.

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtandan işleýän zawodlar toplumynyň düzümine girýän SNGIZ ýurduň iň iri senagat kärhanalarynyň biridir.

SNGIZ-iň düzüminde 2015-nji ýylda ýyllyk kuwwaty 37 müň tonnadan gowrak ýol bitumyny öndürmäge ukyply bolan desga guruldy. Şeýle hem bu ýerde 2017-nji ýylda önümçilik kuwwaty ýylda 500 müň tonna ýetýän ýokary oktanly benziniň önümçiligi ýola goýuldy.

2022