Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, telekeçi Amanbaý Ganjaýewiň kärhanasynda “Amantaý” haryt nyşany bilen dürli hünärleriň wekilleri üçin ýörite iş eşikleri taýýarlanylýar. Ýakynda bu görnüşli egin-eşikleriň uly toplumy Özbegistana, Gazagystana hem-de Gyrgyzystana eksport edildi.
“Neýtralnyý Türkmenistan” gazetiniň çarşenbe güni çap edilen sanynda habar berilmegine görä, ýörite iş eşikleri jemgyýetçilik hyzmatlary, suw üpjünçiligi, nebit, gaz, energetika ulgamynda işleýän hünärmenler we beýleki dürli hünärleriň wekilleri üçin niýetlenendir.
Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynyň çäginde ýerleşýän bu kärhanada işçi hünärmenleriň 40-sy zähmet çekýär. Telekeçi Amanbaý Ganjaýewiň kärhanasy Koreýa Respublikasynda öndürilen elektrik tikin maşynlary we ýokary öndürijilikli enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr.
Şeýle hem kärhana ýurtda öndürilen çig mal bolan suwuk materiallardan we polimerlerden ýagny, polietilen ýa-da polipropilenden taýýarlanylýan örülen bag mebelleriniň önümçiligini özleşdirdi we başlady.
Ýeňilligi, çydamlylygy, ekologiýa taýdan arassalygy we beýleki hil aýratynlyklary bilen tapawutlanýan şeýle mebeller elde ýasalýar we alyjylaryň arasynda uly islegden peýdalanylýar.
Geljekde bu kärhana önümçiligi giňeltmek we täze iş ýerleri döretmek üçin täze taslamalary durmuşa geçirmegi meýilleşdirýär.