Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň biotehnologiýalar barlaghanasynda glediçiýa agajynyň miwesi bolan galaktoman ösümlik çig malyndan tebigy gel almagyň usulyýeti işlenip taýýarlanyldy. Galaktoman derman we azyk senagatynda goýaldyjy serişde hökmünde giňden ulanylýar. Bu barada “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetiniň penşenbe güni çap edilen sanynda habar berildi.
Ösümlik çig maly hökmünde glediçiýa agajy peýdalanyldy. Bu agaç kösükliler maşgalasyna degişli bolup, onuň Demirgazyk Amerika, Aziýa we Afrika yklymlarynda 50-ä golaý görnüşi duş gelýär.
Merkeziň alymlary häzirki wagtda glediçiýa agajy boýunça barlaglary dowam etdirip, çaýyň, kofeniň ýerini tutujylaryň, toşabyň, mal iýmleriniň we tebigy geliň önümçiligi üçin täze tehnologiýalary işläp taýýarlaýarlar.
Glediçiýa aşgazan-içege kesellerini bejermekde hem peýdalanylýar. Häzirki döwürde galaktomanyň häsiýetli aýratynlyklary, immun ulgamy bilen täze birleşmeleri we bakterial özboluşlylygy öwrenilýär. Bu işler milli derman senagaty ulgamyny ösdürmekde wajypdyr.
Özboluşly aýratynlyklara eýe bolan we zäherli maddalary bolmadyk galaktoman azyk, dokma, derman senagaty pudaklarynda goşundy, sazlaýjy, goýaldyjy we gel emele getiriji madda hökmünde ulanylýar.
Galakroman esasly täjirçilik maksatly önümler azyk, derman, kosmetaologiýa we beýleki pudaklarda hem peýdalanylýar.
Şeýle hem türkmen alymlary häzirki wagtda dürli ösümliklerden alnan efir ýaglary esasynda derman ýaglaryny öndürmek boýunça “Türkmenderman-Ajanta Farma Limited” türkmen-hindi kärhanasy bilen hyzmatdaşlykda iş alyp barýarlar.