“TAPI Pipeline Company Ltd” kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Muhammetmyrat Amanow, Türkmenistanyň Owganystandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hoja Öwezow bilen Owganystanyň Magdan we nebit önümleri ministri Şahabuddin Delewaryň arasynda çarşenbe güni Kabul şäherinde duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Hyrat şäherinde Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasynyň çäginde amaly işleriň başladylmagy boýunça pikir alyşdylar.
Owganystanyň Magdan we nebit önümleri ministrliginiň habar bermegine görä, duşuşykda transmilli TOPH gaz geçiriji taslamasynyň ähmiýetine, gaz geçirijisiniň gurluşygy üçin ýeriň bölünip berilmegine we Türkmenistandan Kabula tehniki toparyň iberilmegine hem garaldy.
Şahabuddin Delewar TOPH taslamasynyň diňe bir Owganystan üçin däl, eýsem ähli gatnaşyjy ýurtlar üçin hem peýdaly bolup durýandygyny aýtdy we Owganystanyň bu uly ykdysady taslamany goldaýandygyny hem-de bu ugurda hyzmatdaşlygyň islendik görnüşine açykdygyny nygtady.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar taslama boýunça alnyp barylýan işleri tizleşdirmak üçin tehniki duşuşyklary dowam etdirmegiň zerurdygyny bellediler.