Türkmenistan bilen Özbegistan halkara ýük daşaýjylar üçin wiza amallaryny ýönekeýleşdirmekçi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen Özbegistan halkara ýük daşaýjylar üçin wiza amallaryny ýönekeýleşdirmekçi
“Aşgabat-Türkmenabat” awtomobil ýolunyň “Aşgabat-Tejen” böleginden ýük awtoulaglarynyň geçýän pursady, Türkmenistan.

Türkmenistan we Özbegistan iki ýurduň çäginden halkara ýük daşamalaryna gatnaşyjylara wiza almak işini ýönekeýleşdirmek üçin hökümetara şertnamanyň taslamasyna gol çekilmegini çaltlaşdyrmagy ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada “Türkmenawtoulaglary” agentligi şenbe güni habar berdi.

Bu mesele iki ýurduň ýük daşaýjylaryndan alynýan ýygymlar we tölegler meselesi boýunça türkmen-özbek bilermenler toparynyň sanly ulgam arkaly çarşenbe güni geçirilen ýygnagynda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem duşuşykda halkara ýük daşalyşynda iki ýurtda ýük daşaýanlardan alynýan ýygymlary we tölegleri optimizirlemek we geljekki hyzmatdaşlygyň maksatlary boýunça pikir alşyldy.

Mundan başga-da, türkmen tarapy Özbegistanyň şol wagtyň özünde rugsatnamalaryň elektron görnüşinde alyş-çalşygyny üpjün edýän “E-permit” ulgamyna geçmek tejribesini öwrenmäge gyzyklanma bildirdi.

2022