Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda (TDHÇMB) geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň jemi bahasy 19 million 446 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy duşenbe güni habar berdi.
Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Şotlandiýanyň, Owganystanyň, Gruziýanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni we uçar kerosinini satyn aldylar.
Şeýle-de BAE-niň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Pakistanyň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine nah matadyr nah ýüplük, erkekler üçin köýnekler, buýan köki we kök baldagy, ýüpek çig maly ýerlenildi.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni, yşyklandyryş kerosinini, binýatlyk ýagy, nebit ýol bitumyny, el halylaryny, ýorgan-düşek toplumlaryny, ýüpek çig malyny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 28 million 902 müň manatdan geçdi.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 33-si hasaba alyndy.