Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti iş sapary bilen Türkmenistana geler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti iş sapary bilen Türkmenistana geler
Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Margaritis Shinas (Surat: europarl.europa.eu)

Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Margaritis Şinas şu ýylyň 17-nji ýanwarynda Merkezi Aziýa ýurtlaryna iş saparynyň çäginde Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherine geler.

Bu sapar Ýewropa Bileleşigi (ÝB) bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmagy maksat edinip, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti onuň dowamynda Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlary we resmileri bilen duşuşar. Bu barada Ýewropa Komissiýasy anna güni habar berdi.

Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Aşgabada iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşmagyna garaşylýar.

Habarda bellenilişi ýaly, Margaritis Şinasyň iş sapary ÝB-Merkezi Aziýa hyzmatdaşlygynyň barha artýan ähmiýetini tassyklaýar we özara bähbitli ösüşi ilerletmek üçin mümkinçilikleri açýar.

Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidentiniň Merkezi Aziýa ýurtlaryna iş sapary 2024-nji ýylyň 29-30-njy ýanwarynda Belgiýa Patyşalygynyň Brýussel şäherinde geçiriljek Ýewropa bilen Merkezi Aziýanyň arasynda durnukly ulag arabaglanyşygy boýunça “Global Gateway” maýa goýum forumynyň öňi syrasynda amala aşyrylýar.

2022