Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan nebitgaz ulgamynda Eýranyň netijeli tekliplerini goldamaga taýýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan nebitgaz ulgamynda Eýranyň netijeli tekliplerini goldamaga taýýar
Eýranyň nebit ministri Jawad Owji, 2024-nji ýylyň 18-nji ýanwary, Aşgabat, Türkmenistan.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni Aşgabatda Eýranyň nebit ministri Jawad Owjini kabul etdi. Duşuşykda Türkmenistanyň döwlet Baştutany nebitgaz ulgamynda hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini we usullaryny gözlemek hem-de iş ýüzünde amala aşyrmak boýunça özara pikir alyşmalaryň peýdaly boljakdygyna ynanýandygyny we türkmen tarapynyň netijeli teklipdir başlangyçlary goldamaga taýýardygyny tassyklady.

Duşuşykda nebitgaz ulgamyndaky hyzmatdaşlyk bilen bagly mesele ara alnyp maslahatlaşyldy we agzalan ulgamda gatnaşyklary has-da giňeltmek üçin täze mümkinçilikleriň açylýandygy bellenildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Işjeň, netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk, deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda ýokary derejede alnyp barylýandygy kanagatlanma bilen bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Eýranyň nebit ministri Jawad Owji döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

2022